Surat

Bagtlymy siz, dostlar, aýdyň?

Ýurt içinde, ýurt daşynda
dilimize ýapyşanlar,
elimize ýapyşanlar,
diýdirmejek bolan bize,
ýazdyrmajak bolan ýadap,
arza ýazan golly, golsuz,
aljak diýip eden dady,
gazet, žurnal okajak ýok,
kän suratly çykýar ýogsa,
ýüz elli ýyl yza gaýdyp,
bagtlymy siz, dostlar, aýdyň?!.

Kesen biziň sözümizi,
gutartmadyk sözlemimiz,
aýtjagymyz aýtman goýsak,
ýazyk gözläp ýazgymyzdan,
kesip-biçen, ýaralanlar,
adymyzy aşak basyp,
gazan ýaly garalanlar,
goşgy ýazyp, aýdym aýdyp,
bagtlymy siz indi, aýdyň?!.

"Aýtýar" diýip ýazýar nesil,
"gaýtýar" diýip ýazýar nesil,
tanar ýaly etmän sözi,
sözlemleri bulam-bujar,
eýe nirde, habar nirde,
okamadyk ýeke kitap,
gözlerinden görünip dur,
ýüzlerinden görünip dur,
nädip, haçan aldamaly,
talanan il para berip,
bergä batyp gün aýlaýar,
ýa-da hammal bolýar gaýdyp,
bagtlymy siz, dostlar, aýdyň?!.

Redaktor alty sany
düşüm näme, düşünmeýär,
işlik näme, sypat näme,
has at näme, üýşenmeýär
münüp düýbi deşik gämä,
ýa küregiň diýseň nirde,
diýýär ýog-a Şükürde-de,
gülýär artyk artykmaç däl,
ösýär gömük diplomlylar,
bar bilýäni getir, tiz bol,
kän alanyň güýçli howry,
bu çaga-da aýan indi,
döwür mallyň, puluň döwri,
guluň döwri, guluň guly,
diýmelimi size galan
aman-esen, gözüň aýdyň,
bagtlymy siz, dostlar, aýdyň?!.

Dilimize ýapyşanlar,
elimize ýapyşanlar,
o setiriň arasynda
bu setiriň arasynda
diýjek boldy diýip bir zat,
diýilmedik, diýilmesiz,
aýdylmasyz adamlara,
gije, gündiz ýolda durup,
saklap, alyp galjak bolan,
arkamyzdan gybat urup,
kyn günlere saljak bolan,
millet batdy, bu golaýda
galmasy kyn, bilýärsiňiz,
ölmek aňsat ýurt içinde,
ýat illerde ýer sermenip,
ýetim, ýesir çaga köplük,
azlyk boldy doýan, aýnan,
bagtlymy siz, dostlar, aýdyň,
diýmelimi gözüň aýdyň?!.

Bizden bagy gysgananlar,
bizden dagy gysgananlar,
Garagumy gabananlar,
bulutlary, deňzimizi,
meňzimizi gysgananlar,
ýuwa, ýelmik iýsek gülüp,
begenjekmi ýa illerde
dynsak ahyr diňe ölüp,
gidenleriň ýurtdan çykyp,
gara gözi galýar yzda,
gara bagry galýar yzda,
ölýär yzda gözi ýolda,
ene, ata, aga, ini,
iliň ýary içde aglar,
ýary daşda sanar güni...

Şeýle gowy, hezillikmi
içýän, çekýän köpeldikçe,
köpeldikçe ogry-jümri,
ýa ýüpünde odun goýup
bolmajaklar ýutsa ýumry,
häzillikmi bolsa däli,
ýa dermansyz hassa hemme,
türme bolsa bütin ülke,
arzuwmydy ili gömmek,
biz döwülmän gelemizde,
diýip bilmän gözüň aýdyň,
bagtlymy siz indi, aýdyň?!.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025