Hakyky pitne
Seniň içip, çekip, ejiz,
hor bolanyň gerek ile,
gerek tozan, garyplygyň,
baýlygyň däl, begligiň däl,
oňarmagyň özüň, turup,
her gün irden çykyp ýola,
kynam bolsa, ýol geçmegiň,
taplamagyň özüň ýolda,
beslenmegiň, çydar ýaly,
seslenmegiň gerek wagty,
gorar ýaly öz siňegiň,
çünki durmak aýagyňda,
gije-gündiz edip gamyn,
gorap bilmek saglygyňy,
berlen ömri, ýele bermän,
bermän şerap, döküp nowa,
geçip, içip gitjek sürä,
dostum diýip ikiýüzlä,
myhmansöýer bolan bolman,
bolan bolman jomart, sahy,
öz işiňi etmek diňe
öz işiňi etmek däl-de,
pitne uly, barypýatan,
gerek däl ol hiç bir ilde.