Siz ynanyň
Siz ynanyň şahyrlara, sylagly,
orden, medal bezän gapak döşlerin,
at, dereje alan berilse ylgap,
hem bilmeýän näme çykýar agzyndan,
biri gutlar basyp alan duşmany,
gyryp-gyrjan ýurt gorany biruçdan,
gutly bolsun alan ýurduň, bolşewik,
a beýleki diýer owarram-laý biz,
näme bolsak, şo bolaly ýurt öwüp,
ýa wasp edip oňa eýe bolany,
köşeşdirip ö-özüni, özgäni,
diýen bolup bolsa bolýar bu watan,
özüň gidip, näme etjek sen ony,
diýýär sessiz ýerde, kül bolup ýatan.