O bir ýerde, bu bir ýerde

O bir ýerde döwletbaşy,
töweregi ýurdy çapýar,
az görýän dek bu edenin,
alyp gelýär ýat illerden
özi ýal açgözleri,
bir-birine balmy-şekere,
başgala daş sözleri...

Bu birleri gaçyp sypýar,
ýurdy çapyp ýetişmedik,
ýa niýeti başga biraz,
özi ýaly adamlaryň
hukuklaryn gorajakdan,
soralmadyk hasaplary
ýeke-ýeke sorajakdan,
däpmi, adat bolşy ýaly,
arzuw, hyýal agdyk işden,
grant alýar, aýlyk alýar,
eýdip, beýdip işin etjek,
hakyn halal etjek bolýar,
ýa araba ýaglanmadyk,
ýa-da juda könelipdir,
agyr ýüki ýolda galýar,
beýlekiler gygyrýarlar,
ýüzi açyk ýa perdeli,
il gözüne barmak dürtüp,
bolsa aljak başgaň adyn,
eli ýetse döwjek elin,
emma ses ýok o tarapa,
ýa ýurt çapan bar batyryň
çykarypdyr gowy ýelin...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025