Howply ýoldaşlyk

Bilmeýän we bilmeýänin bilmeýän,
belki, gowy dynjyn alýar gijeler,
gülýär suwsuz, aç, ýalaňaç bolmasa,
bilýän, bilmeýänin bilesi gelýän,
gije-gündiz pikir edýär, dynjy ýok,
göz öňüne getir gije ketegi,
çyra, çybyn-çirkeý, awçy jüýjeler,
mör-möjekler ýagtylygyň gurbany,
bilmeýän we bilmeýänin bilmeýän,
palaw bolsa, iýmez etsiz çorbany,
ýatyp iýer, han-soltandyr, ýerinden
galjak bolmaz, getir diýip gygyrar,
gyzma, gözün açjak bolma gedemiň,
sowat diýip, jan aljagy çagyrar...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025