Ömrüň bolsa
Seni turba çalyşarlar,
sorajak ýok gelip yzdan,
gorkaňokmy diýdi adam,
peýda bolmaz ogul-gyzdan,
her döwürde diýip ilim,
bir, iki däl, dat-bidady
bilinmedik, bolup sada,
açlygyndan dar kapasda,
gyşda otsuz, tomuz suwsuz
galanlary bileňokmy,
gorkaňokmy diýdi adam,
ýa ölesiň gelýär ýadap,
gülki bolup, bigäne il
toý tutýarka bergä batyp,
arak berip işsiz halka,
sen adama gahar etme,
ömrüň bolsa, özüň ýalka!