Mazardaky gorky

Ol ülkede ir ölýäniň ählisi,
käsi has soň, giç berilýär topraga,
hökümetiň pidasydy göni ýa,
gytaklaýyn, kagyz eden kanuny,
bir kemi ýok gürrüň berse, dilinde
bal ýalydy gün-güzeran, ýaşaýyş,
göni gelip, jaýa salyp garaňky,
eli bilen bogmady ol her gezek,
başga ýüz müň emel bardy elinde,
açlyk bardy, döredilen ýok ýerden,
uruş bardy, gerekmejek, gurnalan,
netije bir – gyrylýardy goragsyz,
urşa gidip, ýa yzynda aç-suwsuz,
watan goran, gaýdyp gelse, ölmese,
orden, medal bolmaýardy teselli,
ýa-da derman, ýaralary açylsa,
bu näme üçin beýle bolýar, bir adam
sebäbini soramady horlugyň,
ýa sorany sem etdiler ýazyjy,
şahyrlara arak berip, küşgürip,
ol ülkede ir gideniň ählisi,
gorkýar soňam mazarynda düýş görüp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025