Kapasa sapagy

Sen olara barma, girme
gapylaryn kakyp, durup,
goşulma hiç çagyrsalar,
meýlislerin giňden gurup,
ret edip kapasany,
gitdiňmi - git, seni mal dek,
beslänleri gurbanlyga,
ýa towuk dek palaw boljak,
ýumurtgasy azalanda,
bütin ömrüň bolma olja!

Görer olar gözleriňden,
sözleriňden bilýäniňi,
okaýanyň kitap ýaly,
içlerini, ýapsalar-da,
bileniňi bildirmejek,
geleniňe geldirmejek,
yza çekjek, öz deňinde,
özünden pes sakljaga,
kiçeltjege bolsa näçe,
bes, sypaýy bolma artyk,
oýnama sen oýnun kiçiň,
özün iýen iýmän, içip,
geçmeliden geçmän, göçüp,
göterilip gülen ýalan,
hiç doly däl, ýaşap ýarty,
gitdiňmi - git, haýallama,
aýyp, günä yzdan ýortup,
utandyryp aljak bolsa,
saljak bolsa ýene jaýa,
düşün, seni saýlan başga,
zaýa bilen bolma zaýa!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025