Açyk zäher

Ordenliler ýykýar ýurdy,
medallylar ýykýar ýurdy,
ýykyşlary ýaly ozal,
içden ýykýar, daşyndan däl,
bilýär olar edýän işin,
bilmezlikden ýykmaýarlar,
ýüz-gözlerin bukmaýarlar,
ýüzler açyk, atlaryny
lakam bilen gizleýän ýok,
ýa ýuwaşja, sesin basyp,
eşitdirmän sözleýän ýok,
gygyrýarlar olar gaty,
alkyş aýdyp ýalan, galat
öwgi bilen, açyk zäher,
awy bilen işleýärler,
dişlemeli adamlaryn
hezil edip dişleýärler,
bu bir oýun, iş ýüzünde
nämedigin bilýär bary,
emeldarlar ýykýar ýurdy,
meger, aljak bolup aryn,
kemsidilen, ogurlyga
iteklenip gije-gündiz,
para berip, para alyp,
ýadadylar olar örän,
aýakýalaň, tygdan ýöräp,
kesjek bir gün, gaçyp giden,
çykyp giden gutulsa-da,
galanlarda gaýgy uly,
sorag uly: Haçana çen
bolmaly biz guluň guly?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025