Siňe seretseň
Garaşma sen uzakdaky,
daşardaky tankytçydan,
ownuk-uşak ýa-da iri,
ady bolan haýyn, dönük,
gelip bilmez ölüp, diri,
garadonly bolup galan,
ýykar diýip hökümdary,
ezijini, basyp alan,
beýle bolmaz, umyt etme,
berkider ol ony gaýta,
kemçiligin aýdyp aýda,
ýyllarboýy, emma içde,
gapdalyndan orun alan,
öwýän ony ýerde goýman,
gökde goýman götergilän,
ýa dymýanlar ýykar ahyr,
nökerleri, uly, kiçi,
wepalylar ýykar şany,
şalyklary, öňden gelýär,
ygrarlyny oýnaýanlar,
dost ýa dogan bolan bolup,
aýdan bolup gerek sözi,
uly gülse, gülen bolup,
aýakdadyr mydam gözi,
söger olar dönük diýip,
aýdan bolsa hakykaty,
wepalymyş, bilmedik bor
belli zady uly ile,
düýbün gazar olar köşgüň,
ýuwaş-ýuwaş dönüp sile.