Surat

Içiňdäki sesi diňle

Sen içiňden gelýän sesi
basjak bolma, diňle gowy,
sebäbi ol senden uly,
bilýär näme diýýänini,
aýdýanyny haçan, niçik,
garaňkyda, gapyl galyp,
düşünmedik bolsaň uzak,
maňa näme diýip dünýe,
ýa ýanany il-ulusyň,
garyp-gasar bolup, duzak,
jellat bolup öz-özüne,
arak içen, çilim çeken,
ýa ýitiren wagtyn diňläp,
pes, warsaky gürrüňleri,
aýdymlary, manysyz, boş,
maňa näme diýseň olar
daş boldukça özünden hoş.

Sen içiňden gelýän sesi
diňle, sesi bolup ülkäň,
adamlaryň ýaşan onda,
ata-babaň, agalaryň,
saýlan bolsa seni, goýmaz,
gitmez taşlap, gaýtalanýan
sesi diňle, gulaklaryň
tutup gaçma, daýanmasaň,
oýanmasaň giňäň ýary,
aladaňdan gelýän durman,
aýdýan wagty bar boljagyň
ýatlama ýa soňsuz arman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025