Aklar we gyzyllar ertekisi

Ýaşmaklaryn ýaşynsynlar,
aýyrtdyrma hiç birine
boljak bolsaň han iliňde,
nebit bilen gaz eliňde,
aldyrmajak bolsaň kimsä,
basgylajak bolsaň halky,
gepletme, hiç elki-selki
akyl satyp gürlemesin,
giňelt türme, zyndanlaryň,
ädehedi bu hanlaryň,
öňe çykan, yzagalak,
ýöne gitjek ýeriň bolmaz,
ahyr döwür berer talak,
ýa-da çykar başga biri,
özüňçe ýok, ýa has galat,
beter bolar iliň haly,
bir-birine salyp aly,
oýnar ýörer uly, kiçi,
talap nirde ejizlerin,
göterimiň güler içi,
yzagalak, nadan ili,
güýji ýetse, gömük saklar,
as soň bolar bolmaly zat,
ýatdan çykyp gyzyl, aklar...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025