Surat

Bahyl derdi

Bir aždarha agzyndan,
otmy, ýalyn syçraýan,
gutulanyň ýetmeýär,
ol galmaýar yzyňdan,
ýa başgasyn iberýär,
ýa-da nesli ýeterlik
uly, kiçi ýylanyň,
dogan bolup oýnaýan
dostuň bolýan degerli,
ýa oýnaýan pikirdeş,
maslahatçyň rolun,
içi gara aslynda,
gözün dikip başyňa,
aýagyňdan aljaklar,
ne aýlygyň bolmaly,
ne galmaly abraý,
içirjek ýa çekdirjek,
ýa-da itjek läbige,
gara güne saljaklar,
ýüz-gözüňden basgylap,
bir özleri beýgeljek,
ýa bir özi galjaklar...

Alla, Alla, ne bela,
ne döw çaldy adama,
tä ölýänçä ýadaman,
göreşini gabanýar
özi ýaly adamyň,
ýa özünden arassa,
işi bilen başagaý,
gorkýar onuň adyndan,
gorkýar onuň badyndan,
öz pesligin, belki-de,
çykartmaýan ýadyndan.

Duz iýişip, gatnaşyp,
ilki ossaň özüňe,
soňra aýdýan sözleri
açar kem-kem gözüňi,
olar başga, sen başga,
başga ugran ugruň-da,
ýoluň başga aslynda,
tyg bolmasa, dil bilen
garalajak, ýaralajak,
ýüzüň çytsaň, arly diýjek,
ýa ýylgyrsaň, saýjak samsyk,
bir aždarha onda galsa,
onlarçasy munda hatar,
garaş, sakla däriň gury,
pikir etme bahyl ýatar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025