Garaşanlar

Garaşanlar garaşarlar,
ýaraşarlar gyran bilen,
uran bilen ýuwaş ursa,
ýaraşaly diýmese-de,
işçi, daýhan gerek bolup,
begenerler mekdep gursa,
bilimli bor gelýän nesil,
bolmaz biz dek garyp-gasar,
kaýyl bolup kysmatyna,
diýip, belki, baş galdyrar,
ýa gidenler geler gaýdyp,
ýol açylar, il açylar,
dert, islegiň bolar aýdyp,
ol gün geler, hudaý bardyr,
garaşanlar garaşarlar,
ýaraşarlar uran bilen,
suwsuz daňan gyşda, garda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025