Koloniýa hakykaty

Sen dilini bilip gowy,
ýa ýat tutup şahyrlaryn,
ýarag çekip, basyp alan
ýer-ýurduny başgalaryň,
öz iliňe gülen bolup,
ýok edilen şäherleri,
seňrik ýygryp öz diliňe,
öz däpleriň, dessuryňy
aýagasty edip günde,
basyp alan bile beýik,
ýa deň adam bolmarsyň hiç,
düşünýän kän muňa ahyr,
ömür geçip, bolansoň giç.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025