Eziji we ezilenler
Albert Memminiň äheňinde
Basyp alan, basyp alnan
başga-başga adamlardyr,
biri basjak bolar aşak,
biri başyn galdyrjak bor,
basan akyl durşy bilen,
basylanlar nadanlardyr,
çydamaly näme bolsa,
sabyr edip garaşmaly,
köşeşdirip biri-birin,
galsak bolýar diýip diri,
basan ýowuz daraşmaly,
basyp aşak barha beter,
saklanmaly barha uzak,
gülün çürtüp ýaşaýyşyň,
basylana iş ber, etsin,
ölmez-ödi aýlyk eçil,
ýeter-ýetmez çöregine,
gözüňi ýum, goý, aglasyn,
baş galdyrma geregine.
Basyp alan hudaý diýmez,
ýa-da diýer kiçi dilden,
gülüp dünýä, adamlara,
basyp alnan ir säherler,
agşam aglap, edip doga
dilär hakdan hakyn günde,
azatlygyn arzuw eden,
basyp alan gitmez aňsat,
bolsa, gaýdyp geler giden,
çünki yzda, gelen ýeri
bermez daşda berlenleri,
ýat, keseki, urlan sylar,
iliň biri watanynda,
hormat görmez görşi ýaly
basylandan, güýçli görse,
aýagyna ýazýan haly...