Surat

Hukuk gykylygy

Adam hukuklaryn goraýan diýsin,
ýa-da diýsin žurnaslist men, aýdýaryn
hakykaty, şahyr ýaly, çekinmän,
garaş bir gün näme diýer sen hakda,
üzeňňiňden iki geçen düýn-oňňun,
geregine ýarap duran derekkäň,
tutup, saklap ýetişmeseň golundan,
seret onuň hapasyna içiniň,
çykaranda gazabyndan garalap,
ýaralap öldürjek elinden gelse,
soň pikir et adam hukugy näme,
ol nirede üstün çykýar, ýeňilýär,
rol ýaly, haky belli, durmuşda
gahrymany oýnan adam oglundan,
belli bolar köp bendäniň kimdigi
kesilende gelip duran pulundan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025