Düşnüksiz düşnüklilik
Olar saňa düşünmeýär,
bolanda nä doganoglan,
bolanda nä çykan, ýegen,
bolanda nä doganlaryň,
bir eneden dogan, ösen
bir saçakdan çörek iýip,
olar saňa düşünmeýär,
klasdaşlar, bile okan,
obadaşlar, toýa, ýasa
baryp gaýdan bile gülüp,
bile batyp gaýgy-gama,
bile işlän žurnalistler,
ýa ýazyjy, şahyr, öňe,
has ýokaryk saýlananlar,
olar saňa düşünmeýär,
ýa düşünýär biraz kelte,
ýagny, nepiň guly diýip,
ýa-da diýip gepiň guly,
dymjak ýa-da başga boljak
eger bolsa ýetik puly...
Olar saňa düşünmeýär,
düşünmedik bolýar ýa-da,
gorkusyndan, müňkür bolup,
ýa ynanman öz-özüne,
çykan, ýegen, doganlaryň,
ýa ýazyjy, şahyr, alym,
bolanda nä ildeşleriň,
bolanda nä dildeşleriň,
dindeşleriň, başga dilli,
başga ýurtly, ähli ýerde
derdi meňzeş adamlaryň,
olar saňa düşünmeýär,
diýmek olar ýok ýanyňda,
ahmal galsaň, gaty görme,
gaçar adam gyssag görse,
her kim özi ýaşamaly,
ölmeli däl başga üçin,
ýa-da ejir çekmeli däl,
goramaly özün bende,
sen gowy bil ýa-da betpäl.
Özüne goý doganyň sen,
doganoglan, çykanlary,
ýegenleri, obadaşyň,
galamdaşyň özüne goý,
özüne goý ildeşleriň,
kesgitleýän öz ykbalyn,
pikirleri, p äli bilen,
gidip barýan ýoly bilen,
ýa gitmeýän gitsem diýip,
ýa ýodasy bilen daga,
depä galýan, düşýän aşak,
aýyplaýan başgalary,
asýan özün bulutlardan,
özi bilýär barýan ýerin,
düşünmeýär diýme kimsä,
biler özi haýryn, şerin.