Ömrüň güli
Jany ýanyp, ýüz müňde bir,
milýonda bir, iki-ýekäň,
başyn salyp etegine,
edýän agyr gürrüňine,
ýüzün açyp, adyn aýdyp,
ýüzi ýpyk, ady ýapyk,
ýa özüni tapyp bilmän,
ýa gözlemän, at oýnadýan,
goşulýar-da bir gyradan,
soran bolýar ony, muny,
bolan bolup alty ýaşly,
düşünemok diýen bolup,
öz sözüne ynanmaýan,
öz ýüzüne ynanmaýan,
wagtyn alýar adamlaryň,
güýmän bolýar öz ýanyndan,
ýa güýmenen bolýar gülüp,
özün aldap, öz ömrüni
yzda goýýan köpelipdir,
alyp gaçyp barylmaly,
ýetilmeli sepgitleri,
ýa pelläni, zerur bolan,
ýaşaýyşdyr öýdüp, meger,
ýa-da bolup bilşi, deger
diýip atýar göjegini,
gözün aljak çagalaryň,
agalaryň, seretmese,
bolan bolup diri, öli,
köpelipdir ýaşamaýan,
ýetdi diýip ömrüň güli.