Düşnükli düşnüksizlik

Döwlet bolsaň, baş wezipäň
agyz dykmak, göz baglamak,
jeza bermek bolsa ýowuz,
gorkar ýaly uly, kiçi,
uly aýbyň bardyr seniň,
bardyr uly gorkyň ilden,
bilýänsiň sen edýän işiň,
ýalňyşlaryň, haýynlygyň
ile garşy, ýurda garşy,
hemem munuň jezasyny,
howatyr et, üýşen, ýatma,
uzagyndan öz günäňi
peýdasy ýok başga atmaň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025