Gelin rewolýusiýasy
Gelin diýýär öz ýurdumda,
çagam bilen gülüp-oýnap,
guwanyp her ädimine balamyň,
ýaşamagy isleýärin, ene men,
ýat illerde zürýadymyň ýüzüne,
gözlerine, sözlerine zar bolman,
hem soraýar bu näme üçin bolmaýar,
diýýär meniň döwletime hiç hili
garşylygym, ýamanlygym ýok asla,
köp ýyl boldy, gaty küýseýän ilim...
Diýýär ozal ýalňyz erkek doganym
on iki ýyl tussaglykda saklanyp,
ahyrynda ölüp çykdy o ýerden,
emma meniň aýdyp biljek zadym ýok,
edendir ol, belki, etmesiz işi,
hem çekendir jezasyny kanuny,
ýöne men bilemok haýsy döw çaldy,
aýralyk köpelýär, ölüm köpelýär,
soňsuz ejir iliň ykbaly boldy?
Gelin düşünmeýär, gelin düşünýär,
ýetim galyp, çagalygyn ýitiren,
diýýär okap, bilim alyp bilmedim,
emma bilýär näme boldy bilime,
aýtmasa-da açyk, bilim alanlar,
ýat illere gidip, hünärli bolup,
näme üçin dolanmaýar ýurduna,
tapan işin edip, sähelçe haka,
öz ilinde tapman gury çöregin,
diýýär beýdip çydap bolar ne çaka?
Garşylygym ýok diýse-de döwlete,
düşünýär ol döwletiniň pikire,
söze garşy alyp barýan urşuna,
ýa-da näme bolýanyna söz hakyn,
aýtmak, diýmek hakyn aljak bolýana,
ulanýana kellesini özüniň,
toty bolman kapasada, bürgüt dek,
ganat ýaýyp göge galjak bolýana
näme edilýänin bilýär, çaga däl,
şondan ýüzün açyp, çykmaýar orta,
düýä münüp, bukan bolýar hataba,
gowy bilýär, bagyşlamaz hökümet,
günde çagasyny göresi gelip,
eden pikirlerin aýtjak bolanyn,
bir ynanjak aýdyňy ýok ýurdunda,
aýdyň gelin açýar ýüzün ýalanyň!