Il ýesiri

Akyl-huşy ýerindäki milleti
akyl bilen ýadatmarsyň, ýykmarsyň,
entedersiň diňe akmaklyk bilen,
gaýta-gaýta edip samsyk gürrüňi,
döwlet bolup ýa döwleti goldaýan,
gazet-žurnal, ýazyjylar, şahyrlar,
öz-özüni edip ýören göz-gülban,
näçe etse boş, bolgusyz gürrüňi,
samsyklyga salyp, oýundan, çyndan,
ýa alaçsyz gaýtalasa, meýlise
goşulmadyk bolar däli ýa tentek,
a kemakyl saýar özüni dana,
muny bilýär, düşündirmek gerek däl,
öz ilinde ýesir bolan ynsana.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025