Eger-de ýat ýakyn gelse
Eger başda görseň, bilseň,
adamlaryň bar barlygyn,
aňyrsynda buksa, gülse,
neden gaçýar özüne ýat,
ýa-da birden ýakyn gelse...
Eger başda pikir etseň,
dilindäki söze bakman,
aglan, ýaşly göze bakman,
öz-özüni aldaýandan
dogry söze garaşmarsyň,
biwepada öz-özüne
nädip bolsun ile ygrar,
ýa kineli, ýa-da bahyl,
oňuşmaýan özi bilen,
düşünmeýän öz-özüne,
öz sözlerin eşitmeýän,
diýmez gepi diýip ýören,
düşünerdiň, goýmaz aýap,
öz-özüni iýip ýören.