
Kerpiç urşy
Kerpiç meselesi ulaldy örän,
ol mydama meseledi, elbetde,
gara öýden çykjak bolsaň,
ýöne galyp, näçe doldur,
näçe kerpiç guý ýa guýma,
çykarmaýar dar çatmadan,
bişirmeseň kerpijiňi,
ýa bişirlen, has gowusyn
getirmeseň goňşulardan,
çagalaryn talap iliň,
pagta ýygan büküp bilin.
Kerpiç meselesi ulaldy örän,
sebäbi hiç žurnalist ýok,
ýekejesi, ýarysy-da,
diýýär beýik gurluşykçy,
ozal salan jaýy alnan,
soň täzesin salan gaçyp,
ýat illerde, bir däl, iki,
belki, hasam köpelderdi,
emma, arman, şahyry ýok,
geýse täze, zerli dony,
begendirjek öwüp ony.
Kerpiç meselesi ulaldy örän,
diňe özün bilen, talap sadany,
ýalan şalygyny guran, giňelden,
beýni söweşinde ýeňen işewür,
satyn alyp metbugaty, münberi,
wezipesi näme bolsun kagyzda,
ýa-da kanun näme diýsin, diýmesin,
baýadykça päli azan kürsüli,
ýigrener, ýok eder başarsa galam
adamlaryn, ýaplanmasa ýalana,
gowy ýaly ýeňse, gowy däl doly,
çynçylary dar jaýlara salana...
Ýok žurnalist, birjigi-de galmady,
galmady bir ýartysy-da galamlyň,
il gözüni açjak diýdi o beýik,
beýik bolup bilmän, ýeňlen dogrusy
beýleki beýikden, possunyn geýip,
öz begleri bilen surata düşen,
kerpiç meselesi ulalýar barha,
žurnalistler ýok edilse her bişen,
her oklanan kerpiç degip ýüzüne,
olar goramaly ýüzün, ýeňsesin,
alyp galjak bolsa dirilik sesin.
Kerpiç meselesi ulaldy örän,
has anygy dilsiz, agyzsyz diýip,
ony örän kemsitdiler penjekli,
ak köýnekli bege deňäp, hiç haçan
ýykyljak haýata direg bolmadyk,
bir, iki däl, ýüz müň bolup kämahal,
bar degeri özi, jübüsi bolan
baýyň baýy düşüp tekeçden ýere,
uçýan halysyny saklap bir minut,
geç günämi diýip bişen kerpiçden,
ýa bişmedik, ötünç sorap, aglaýar,
kerpiç meselesi ulalýar örän,
ol bilseň ýol, bilmeseň ýol baglaýar.