
Kapitan keseli
Bir akylly aýdypdyr öň,
sen häzir bol, seresap bol,
her üşäni salma öýe,
saçak ýazyp, berip baryň,
ýa gämiňe münjek bolsa,
gitjek bolsa bile ýola,
gyşda kimsä bermez garyn,
ägä bol ýa soň nalama,
çünki adam dürli-dürli,
käbirleri öýüň, jaýyň
aljak ýa-da ýykjak bolar,
sen daşarda oturmaly,
beýlekisi kapitany
boljak bolar bütin gämiň,
ýok, bolmasa, batyrmaly.