Surat

Şlýapany özüne goý

Mydam bolan, bolar ýene
gerek sözi aýtjak bolan,
kynam bolsa, döwlüp göwni,
ýüzi alnan, garalanan,
ýüzi gara garalanyň,
eli gara bolup galan,
ýeňen ýaly bolar başda,
töhmet atyp, türmä salan,
ýöne çyny hiç zyndanda
saklap bilmez açyk ýalan,
saklasa-da seni ýoldan,
saklasa-da meni ýoldan,
aýlasa-da başlaryny
aýladasy gelýänleriň,
bolan bolup düşünmedik,
il aglanda gülýänleriň,
haýyr tapyp her oýunda,
etjek işin bilýänleriň,
köp bilen özüne goý!

Nepi üçin iki günlük
şere şärik bolýanlary,
ýalan sözläp, şyltak atyp,
öz göwnüni alýanlary,
sen doga et, etme minnet,
adamlary özüne goý,
telpekleri, tahýalary,
şlýapasy bilen bile,
näme geýse geýsin başa,
näçe gitse gitsin daşa,
papagyny aljak bolma,
goşulma boş gep, gargyşa,
dile bolsa, biribardan,
ahyrynda gezip, entäp,
gara äýnek dakynsa-da,
öz eýesin tapar töhmet,
salar bir gün gara jaýa,
sen umyt et, hereket et,
zaýa bilen bolma zaýa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025