Daş dostlugy
Daş ýagdyrýan dostlaryňy
aşyň bilen urup, ýykyp,
gutarmarsyň, ýene galar,
dünýe döräp bardyr olar,
geler durar goly daşly,
gizlän bolup ýeňlerinde,
utanarsyň, utançsyzlar,
duşman ýaly, gylaw alar,
ýöne seniň alajyň ýok,
zyňan daşyn tapyp, çöpläp,
özlerinden salsaň, ertir
deň bolarsyň, bolmaz gepläp.