
Gowşak güýçli
Ezijiler ezýän bolsa,
ol ülkede, bu ülkede,
beýlekini, eýlekini,
talanany uzak ýyllar,
öz-özüne edilip ýat,
pidalara gülmek aňsat,
günälemek aňsat örän
yza galan çagalary,
aýal-gyzy, daýhan, işçi,
bolan bolup öňe giden,
gowşak, ýöne örän güýçli.
Basyp alan basyşyny,
gysyp alan gysyşyny
azaltmasa, artdyrsa kän,
gul edilen halky salyp,
bir-birine, öz-özüni
ýok etdirer, ýoly kändir,
düşünmeseň, galmaz ýaly,
ýagşy näme, ýaman näme,
ogul-gyzy bilmez ýaly...
Günäkär bor ezilen il,
bozulan il uzak ýyllar,
iň egrisi çykyp depä,
ýer goýulman saga, çepe,
hamala az içde derdi,
tanalmaýan ýaly özi,
ýat bir iliň ýalan merdi,
gülen bolup utandyrar,
ösen bolup, dili çeper,
ezijiler ezilene,
agzy ýetse, awy seper.