Sada adam
Hemme adam, käte gahary geler,
gülen bolsa, ýa gygyrsa birleri,
badyn aljak bolup, gomalyp içden,
günäli ýa günäkär däl pirleri,
ýerleşdirip, salyp bilmän galyba,
ýa başga zat, düşünmek kyn ynsana,
ählisini salyp bolmaz bir ýaba...
Ozal ene-atasyndan adamyň,
ne bilim bar, ne terbiýe, özlerin
özgertmegi öwrenmedik bendeler,
özgertjek bor özgermejek dünýäni,
başgalary, belki, sowatly, nadan,
wezipesi bolsa, elinden gelse,
zulum eder, basar türmä, zyndana,
güýçsüz bolsa, dili bardyr, agzyny
gelişmejek zatda ulanar adam,
muňa gülmek ýa-da gynanmak üçin,
pikir etseň, juda bolmaly sada.