Gul öji
O birleri açlygyndan,
guly bolar puluň, malyň,
bu birleri doklugynda
guly bolar puluň, malyň,
ýöne garyp, baýy bolmaz,
bahyllara birdir bary,
birdir bary ýigrenjine,
ejizlige gul bolana,
görüp bilmez olar ony,
aý, ýyl bolar hepdeleri,
özi ýaly, ýa dogany,
ýa inisi gul bolmasa,
başyny dik tutjak bolsa,
ker kisede pul bolmasa,
karam etmän utjak bolsa,
kömek etjek bolsa gula,
eli ýetse el uzadyp,
paýlaşsa-da döwüm nanyn,
bagyşlamaz ony gullar,
almasalar bir gün janyn.