Surat

Eziji güýji

Olar bilýär, näçe gülüň, ýaňsylaň,
samsyk diýip, ýa-da diýip bisowat,
näçee garyp köp boldukça döwletde,
näçe çörek gaýgy bolsa, jemagat
kaýyl bolýar, bolýar baky başagaý,
işsizligi köpeldýärler şoň üçin,
açyp däl-de, ýapyp açyk iş ýerin,
ýa gazanjy ýetmez ýaly agzyna,
salgyt salyp, ýolup ýolup boljagyn,
bergi-borja batyrýarlar işläni,
iterýärler ogurlyga, kanuny
bozup bolýan ýerde bozmaga, çünki
müýnli bolýar eli egrilik eden,
hem garaşýar ýok gudrata, gelmejek
halasgäre gözün dikýär gijeler,
näçe gülüň, olar bilýär bähbidin,
millet tozsa, ezijiler güýç alar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025