Gubadag dagy

Seniň göreşiňi daşdan synlaýan
obadaşyň bilmez, belki, kim bolduň,
öň nämediň, soňra nämä öwrüldiň,
adammy sen, agaçmy sen, daşmy sen,
ýa-da gara köýük, ýanan toprakmy,
ýa-da suwmy, diňe pesi gözleýän,
ýa şemalmy, öwsüp duran çar ýana,
indi näme pikir edýäň il hakda,
käsi söýen, käsi daşdan gargana
galmadymy aýdyp biljek hiç zadyň,
Gubadagda zorlananda bir çaga,
utanýarmyň adam bolanna adyň?

Ozal aýal-gyzlaryna gynanan,
çaga-çugasyna gynanan iliň,
seniň nirä gideniňi bilmeýän,
ýa bilmeýän näme üçin gideniň,
göz öňüňe gelse, tutulýar diliň.

Seniň göreşiňi synlaýan daşdan
obadaşyň, deň-duşlaryň düşünmez,
ýöne garyp eneň düşüner saňa,
gözün dikip mazarynda ýoluňa,
özi ýaly, ogly giden eneler,
üýşer, ony ýeke goýmaz hiç haçan,
öňkiň ýaly gara saçly ogulsyň,
dälsiň eneň üçin ýeňlen ýa gaçan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025