Surat

Çyplak hakykat

Şükür, ýolumyzy her kesen bilen,
sürüjimi, gurujymy, bahana,
ýoldan galyp gürleşmedik, durmadyk,
gargamadyk gürrüň bolup jahana...

Şükür, döwüm çöregimiz ogurlan,
gara suwa zar edenler türmede,
gaharymyz getirse-de, akyldan,
kanagatdan aýryp, gülüp bilmedi,
ýat illerde uran bilen arkadan,
garpyşmadyk, görüp ölüp bilmedi.

Hiç bir işe degjek däldi elimiz,
nep üçin, gep üçin uruşsak, dursak,
hanha, görüň diýjekdiler gygyryp,
kiçi dilden adalata, kanuna,
ýene gowy kän zatlara çagyryp.

Öňden gaçyp, hakymyzy iýenler,
gazan ýaly gara çukur tokaýda,
ýalan baryn ýaýradanlar gorkuda,
gara günde ýaşap garrady, öldi,
käsi diri, penjek geýip owadan,
çykar diýip çyplak hakykat orta,
gynanyp ýör çaýlaryna sowadan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025