Alynmaýan maslahat

Ýaradan hak diýermişin adamyň
howatyr et gözündäki ýaşyndan,
ynjydaňda ejiz görüp, äsgermän,
hakyny iýeňde çekin adamyň,
ogurlaňda ýeňişlerin gan bilen,
garda galyp, buzda doňup gazanan,
ak adyny garalaňda pikir et,
sebäbi men diňlemeli bolaryn,
gelse bir gün, nalyş etse, aglasa,
borjum bolar sylmak ýaşyny onuň,
ýa-da diýse arym alyp ber käsi...
Käşgä bolsa bu geplere ynanýan,
beýle köp däl, biraz az bordy asy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025