Bet adamlar

Başlyk bilen düşegini paýlaşýan,
ýa paýlaşýan ulagyny, işden soň,
öýe gelmän, nirä gitmeli bolsa,
ýa paýlaşýan aýlygyny almanka,
kaýyl adam, puluň guly, ýazyjy,
ýa žurnalist bolsun, gapa düşelen,
aýakgap kilimi bolar gerekli,
bile-göre ýalan sözlär, utanmaz,
bolan bolup il ýüzüne derekli,
olar bir däl, ýa iki däl, müňlerçe,
aramyzda gezip ýörler başy dik,
toýa, ýasa görünýärler arkaýyn,
sylan bolup, ulaldýarys özümiz,
geçenleriň aýdyşy dek akylly,
geçirimli bolan bolup, hamala,
gybat etmän, ýüze gelmän, sypaýy,
ýamanyny ýapyp, ýaýyp ýagşysyn,
depämize çykarýarys pesleri,
bihaýany, ýüzi gyzarmaz ýaly,
şeýdip ýene döşe kakýan köpelýär,
iň bigünä adam bolup gürletseň,
ynan bolýan bolsa, tanap, tanaman,
diý: Agam, ýa aýal dogan, sen betsiň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025