Akyl açlygy
Açlyk, adam eli bilen,
bile-göre dörediler,
gereginden artyk alan,
ogry-jümri, döwlet bolan,
atly wagty açlary däl,
atasyny tanamadyk,
dok çaýkanar, ogul-gyzy,
aýallary öýe sygman,
ogurlanan mallar deper,
gapar käte eýelerin,
käsi gürlän, gepe çeper,
oýnan bolup gülerdiler,
diňe bir däl, iki kitap,
ýurt namasyn ýazdy Sapar,
kädä gabap şir, pirini,
tanar ýaly dogulmanka,
geplemänkä bir-birini,
käsi ýitjek türmelerde,
käsi gaçjak ýat illere,
käsi däli boljak galyp,
alma akyl jübiň ýokka,
gitmän bilseň kellä salyp.