Goralmadyk hukuk
Adam hukugyny goraýan adam,
berilmeýän zady, alynýan zady,
eger özi eýe çykyp, almasa,
başga birne alyp berip bolmaýan,
ýa-da berseň, ýitirilýän ertesi,
bu bir uly gürrüň, bazar gepi däl,
gol çekmek däl her ýazylan şyltaga,
däl ol diňe açgözlügiň perýady,
ardan dolup, öçden boglup ölmek däl,
demigmek däl ýaşamagyň ýerine,
demiň almak ak säherler oýanyp,
adam bolmak özüň ozaly, ýanyp,
garalajak bolman başganyň adyn,
sen adam-da, adam dälmi biz indi,
aýdýan sözüň ýapa degse ne ýagşy,
oýlan, bende, Gün bolmanka ikindi?..
Adam hukugyny goraýan adam,
gaýrat gerek, ýykylan kän jaýlary,
ýaşyp öňki parlak, dolan aýlary,
ýöne bu iş aýlykly däl hemişe,
bar diýerler, ýöne berilmez hukuk,
her kim her gün edinmese endişe,
sen adam-da, adam dälmi biz indi,
çagamy sen, enekemi biz saňa,
ýa ýokmy hiç mertebämiz il deňi,
ýa-da seni ýykan düzelmez pälmi,
ýa biz saňa saýawanmy ýagyşda,
ýa-da balyk dolup, akmaly kälmi?
Eger sürtsem daşdan islän garamy,
gorkarlar-da ýitirmekden işlerin,
beýtme diýip, gysyp döwlen dişlerin,
baş egerler diýip titräp öňümde,
çen edýärmiň, ozal haýbat atan ýok,
geçjek, geçmez bahalardan satan ýok,
ýa-da bizde düýşe giren gijeler,
gowularyn goranmyz kyrk ýyllap,
ýatyrmaýan, arman bolan Watan ýok?..
Adam hukugyny goraýan adam,
ynanasym gelýär gowy niýete,
ýöne şere şärik bolmak islämok,
deňemek islämok agzym agzyňa,
bilýärmiň sen adam hukugy näme,
ýa ol diňe sende barmy, diýeniň,
aýdanlaryň hakykatmy soragsyz,
ýa her kese jogap bermän dymmamyz
görkezýärmi bizi düýpden goragsyz,
pidanyň pidasy içerde, daşda,
deň bolmadyk bolmalymy hemişe
pylçap urlan her göreşde ýanbaşdan?
Ogurlaýan wagty bile il malyn,
dogrulaýan wagty bile hasaby,
ýurdy talap, ortalykdan paý alan,
birini däl, goşa-goşa jaý salan,
aty çykýan wagty syýasy tussag,
türme näme, açlyk näme, bilmedik,
tutulanyň, satylanyň özün däl,
garrysyny, yzda galan, gözi ýaş,
çagasyny soramaga gelmedik,
ýeke iýip mantysyny, böregin,
ýeke gezek bölüşmedik çöregin,
üýşenmedik hiç Taňrydan, hiç haçan,
köpeldikçe Alla diýip aglaýan,
köpeldikçe açlyk, sütemden gaçan,
ýat illerde zar bolanlar iline,
ne gowy iş dile bitse, başarsaň,
adam hukugyny goraýan bolan,
ýöne nepi üçin sözleýän ýalan,
töhmet atýan bende, seret ýokaryk,
sen adam-da, adam dälmi biz indi,
ertir giç bor, alar jany algyly,
soraýaryn Gün bolmanka ikindi?