Il duzagy

Bilinmeseň, tanalmasaň has gowy,
ilim diýip, iş edinip, başyňy
başsyzlaryň gowgasynda agyrdyp,
şarpyk iýip, ýüzüň, ýeňsäň goýulman,
basyp alnan, kemsidilen milletde,
eginden ýokarsy dil bolan diňe,
öz sözüni sylamagy unudan,
unudan özüni, atyn aldyryp,
diňe gylyçlyny sylaýan ilde,
dilini öwrenýän toply geleniň,
bilinmeseň, tanalmasaň rahat,
günüň gowy geçýär, iş edip, ýitip,
ýitirip özüňi horlansaň uzak,
düşündirýär iň ýakynlar, ýatlar däl,
daşynda däl, iliň içinde duzak.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025