Jyňňyldy
Jyňňyldy jaň etdi ýene,
başga bir zat soran bolsa,
bahanasyn alar öýdüp,
barlap görýän dürtüp käte,
o tarapdan, bu tarapdan,
osmakladyp, ýa-da göni,
gizläp durman, gep gözleýän,
düzmek üçin ertekisin,
bozmak üçin bozup boljak,
bozulmajak faktlary,
ýazmak üçin öz taryhyn,
satmak üçin geçen ýerne,
öz göwnüne laýyk edip,
jyňňyldy jaň etdi ýene...
Şükür, alyp ýetişmedim,
unudypdym nomerini,
öçüremsoň, ady ýokdy,
jaň etmändi bu golaýda,
alan bolsam gynanardym,
saklanardym dişim gysyp,
ýüzün almak kyn bolardy.
Ýatdan çykýar jaň etmese,
soran bolup ony, muny,
altyn bolsun, kejirlikden,
almajak il akylyny,
adyn tutsaň, boljak gybat,
häsin berseň, atyp haýbat,
göni ýa-da gytaklaýyn,
gaty-gaýrym diýilmese,
edýän işin bilen bordy,
diýseň özüň irmediňimi,
hikir-hikir gülen bordy.
Jyňňyldy jaň etdi ýene,
alan bolsam bilmän, gyssag,
gurçuk ýaly, kellä girip,
bolardy ol ýene gussa,
gerekmejek hiç adama,
käte diýýäň dynmadym-laý,
ýa-da bolşum has sadamy?