Surat

Agyr ýük

Ýaşamadyk adam ýaly, merkezde,
şeriň şalygynda galpyldap ölen,
gara günli ene-atasy bilen,
ýesir bolan ýaşlygyndan, aldanan,
bal gününe batan ýaly il-güni,
özün aldap, hem ynanman özüne,
basyp alan bilen bölüşip ýassyk,
boljak bolup gowy, ýalandan myssyk,
äri bolup on oýnaşly hatynyň,
ýa aýaly şoňa meňzeş batyryň,
saňa ýaşamagy öwretjek bolsa,
ilki gülkiň tutar, soňundan agyň,
basar ata-babaň göteren dagy,
galan ýaly aşagynda kesegiň,
ýer yranyp, ýaňy daň atan çagy...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025