Dag bolmagyň kynçylygy

Hiç žurnalist gorap bilmez, çişirmäň,
beýleki bir žurnalisti, gaşy ýaý,
bili inçe, başlyk bilen dost bolsa,
wagtyny, sagadyn geçirse bile,
iş jaýynda, arkasynda gapynyň,
günortan ýa agşamara, işden soň,
haýsydyr bir wadasyna ynanyp,
ýa ynanman, özün aldap, iň kyny,
ýa gijeler etse islän işini,
soň bozulsa aralary, bigünä,
syýasy tussagyň döwmäň dişini,
hiç gahryman kömek etmez bu halda,
öňki, soňky gep-gybaty üýşürmäň,
hamyr etmäň bitlän uny ýuguryp,
siz žurnalist boluň, dag boluň, emma
gülki bolmaň jansyz syçan doguryp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025