Ýakanlar we ýanýanlar

Ýatan ýeri ýagty ýa-da garaňky,
Saparmyrat Nyýaz bilýärdi, şükür,
Saparmyrat Seýit bilýärdi, şükür,
Akmyrat Rejep, Serdar Rahym,
Muhammet Nazarow, Gurbanmuhammet
Gajar ogly, Siňren gyzy bilýärdi,
wise-premýerler, ministr, häkim,
baý boljakdy, beg boljakdy hemmesi,
sülçi Allamyrat, Begmyrat, Çärjew,
kitaplarym ýeke-ýeke waraklap,
bir manat pul tapmandylar içinden,
Berzeňňide jaýym ýokdy goşalap,
ýa maşynyň ilde ýogun almandym,
altyn-kümüş basylmandy duluma,
dilim gysga däldi, uzyn däl elim,
ýazan zadym ýazmýardym ar alyp,
ýok diýýärdim sütemkäre, zalyma,
elmydama açyk däldi göreşim,
netijedi maksat, gykylyk däldi,
çüýrük döwlet susdurýardy gepläni,
söz meýdany gadagandy, minaly
awlaýardy hatda hoşa çöpläni,
pasportymy alyp galyp elimden,
saklajakdy, wagty gelse basjakdy,
garawullap gije-gündiz yzymy,
işer ýaly ýüp tapylsa, asjakdy,
şükür, gazan düşdi, çukury çukur,
ýakan bişdi, ody ot boldy öçmez,
diňe özlerini almady ataş,
ýanýar garry, ýanýar jahyl ýa-da ýaş,
ot öçürýän, halas etjek ýok gelip,
dowam edýär baş aýakda, aýak – baş.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025