Hakyky haýyn
I hate victims who respect their executioners. Jean-Paul Sartre
Jellatlaryn sylaýan il degermi
gaharyňa, öýke-kinä, hüňürdä,
iňirdeme hatda içinden çykyp,
inileriň gelse ýa-da jaň etse,
oka, ömrüň ýele berme, özüňi,
ili tana, düşünjek bol zamana,
haçana çen dileg edip ýaşajak,
adamdan ýa baýa berýän beýikden,
diýip, gaharyny getirme akyl,
maslahat däl, pul soraýan hossaryň,
ozaly özüne hossar çykmadyk,
ejesine, aýalyna, gyzyna
ýük bolan är, iner bolman hatarda,
öz-özüni satan haýyn bor, pyssa,
senden görer, yzdan gelip atar-da.