Säher dogasy
Ata-babam, öten-geçen agalar,
eneler, mamalar, aýal doganlar,
käbiri has ýaş wagtynda ýogalan,
geliň, meni bir dem goraň sowukdan,
çyg howadan, güneşe zar süýegim,
göteriň, galdyryň egbarlan ýerden,
gark edilen adamlaryň ganyna,
ys boldum, pos boldum günäden ýaňa,
özümiňki, özgäniňki garyşdy,
sapalnmak kyn, bilýän, iki dünýäde,
geliň-de çykaryň batgadan men,
läbiginden geçip giden silleriň,
guradyň kuýaşda, kakyň kirşenim,
agyrylar gitsin, ýaralar bitsin,
hem içimde, hem daşymda, ýadadym,
gitmeli men, barmaly men, etmeli
işlerim bar, ýetişmeli, wagtym az,
güýçden gaçdym, gurbatym ýok, ýetişiň,
geliň bolup garaşylan guba gaz!