Birleşdirýän samsyk

Birleşdirmek bölüneni akylla,
gowy bolsa päl-niýeti, maksady,
uly-kiçiň bähbidini araýan,
başartmaýar aňsat-aňsat, bu belli,
ýöne samsyk, ýa-da açgöz, oýnatgy,
eli gelip, wagty gelip kä zaman,
häkim bolsa, birleşdirýär milleti,
kömek edýär birleşmäge bolmanda,
öňündäki apat näme, bilene,
pikir edip görüp, gutulmak müşgül,
birleşmeseň dogan ýaly, duşman däl,
samsyklyga garşy, ýumurýan ýurdy,
ogurlaýan nesilleriň geljegin,
ýöne munuň üçin samsygyň örän,
görülmedik samsyk bolmagy gerek,
ýa-da gerek iliň akyl-paýhasy,
ýa bilmegi haçan ýykylar derek.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025