Bazar hakykaty

Meniň sylan il-ulusym ýaşlykdan,
bilmän näme il diýilýän aslynda,
ne özüni sylap bildi il bolup,
ne başgany, etseň artykmaç gürrüň,
galmagal kän, gykylyk kän, manysyz,
düzetjek kän özgeleri, özün däl,
şyltak atyp, hakykatçy boljak kän,
sen ynanma işiň, wezipäň barka,
elden gelen kömegiňi berýärkäň,
gülüp gelen, gülüp giden adamlar,
erteki gün başga zady aýdanda,
ýa gaýdanda öňki duran ýerinden,
ýapaşakdan inen ýaly, gynanma,
ownuk-uşak, uly nepiň guly bor,
adam adam bolup bilmez bazarda,
onuň, munuň jübüsinde puly bor.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025