Bolmajak zat
Olar seni ýigrenerler,
pikir edip bilmedigin
pikir edip, aýdyp bilseň,
hanlaryna göni bakyp,
ýazyp bilseň isläniňi,
gaýdyp bilseň soňra çykyp,
baş egip, gün görjek bolman,
olar diýer bolmajak zat,
görersiňiz, soňy erbet,
öküner ol soňra örän,
olar seni ýigrnerler,
ot bolaňda külden dörän,
ynha, geler diýip soňy,
garaşarlar görüp bilmän,
mamla boljak bolup ahyr,
kän ýoly bar ölmän ölmäň.