Gülki
Düýn, barýarka jähenneme,
jennet diýip öz ýnyndan,
öňki hasap, gara nebsin
at edinip çapan bende,
sen sebäp däl, eýerini,
ýa gamçysyn aldyransoň,
gözün gapyp öýke, kine,
diýse daşdan diýerini,
diýmesizi, adyň tutup,
sen gorajak bolma özüň,
mertebäňi, iýdiren el,
unudylsa – unudylsyn,
seniň bilen ýoldaş bolman,
ýolda duşup, saýrak bilbil,
alkyş aýdan ýol alýarka,
toty bolup bol bolsa pul,
nirden nirä gelenini,
goý, unutsyn kimler bilen,
bilýän biler, bilmedikler
bolar gülkä bilmän gülen.