Ýetimiň sepi
Sen ýurduňda bir ýetime ýal bolman,
garny doýsa, gözi doýmaz neressä,
durşy bilen ganar bolan trawma,
garşy durup, düşmän onuň deňine,
gutulsaň-da ýurtdan gaçyp, ýaraly,
gutarmaýar göreş, durmaýar durmuş,
belki, ýene iň başyndan başlanýar,
çozýar öçli bir däl, iki, onlarça,
belki, ýüzläp ýetim, ataly käsi,
eneleri çörek ýapan tamdyra,
ýadamagy, ýaltanmagy bilmedik,
kirin ýuwan, suw gaýnadyp gazanda,
emma gözi doýsa, garny doýmadyk,
garny doýsa, gözi ajygýan beter,
ýetim ýetim bolýar bolsa-da ata,
agtygy dek adamlary ýigrenip,
olar saňa hüjüm edýär aşakdan,
olar saňa hüjüm edýär ýokardan,
garalaýar tapsa kömür, kesewi,
diýip, belki, päk görünýär akardan,
eşidýärsiň, getirýärler geplerin,
sen giň bolsaň, meger, güýçlenýär heder,
açýar pahyr, sepletmejek seplerin.