Aşakdaka ýagşylyk et

Etmedigiň etdirerler,
gitmedigiň gitdirerler,
garalajak bolup adyň,
gaçar kätä gaty badyň...

Iýmedigiň iýdirerler,
içmedigiň içirerler,
diýmedigiň diýdirerler,
geçmedigiň geçirerler,
tutmadygyň tutan borsuň,
utmadygyň utan borsuň,
karam oýnap, aç-açan däl,
ýöne, her hal, aşakdaky
adamlaryň hyzmatyn et,
gullugyn et ezileniň,
talananyň, çaga-çuga,
naçar bolup öz ilinde,
bilse bilsin, ýa bilmesin,
ýykylaňda, garaşaňda,
gelse gelsin, ýa gelmesin,
ýokarkylar oňar sensiz,
ýa taparlar has gowusyn,
has dilewar adamlary,
sen deň bolma sögen bilen,
gülen bilen aglan wagtyň,
galsaň ertir ýalňyz, tümde,
ýagşylygyň salar ýagty.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026